Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 22:53 - Mukaddes Kitap

53 Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

53 Мен хер гүн сизиң билен бирликде ыбадатханадакам, Мени тутмандыңыз. Эмма инди бу пурсат сизиңкидир, түмлүгиң хөкүм сүрйән сагадыдыр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 22:53
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz?


Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Ýudas bolsa çöregi alan badyna daşary çykyp gitdi. Garaňky düşüpdi.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.


Ahyrsoňy ybadathana garawullary gaýdyp geldiler we ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ