Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 22:52 - Mukaddes Kitap

52 Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

52 Онсоң Иса Өзүни эле салмага гелен ёлбашчы руханылара, ыбадатхананың горагчыларына, яшулулара йүзленип: «Нәме үчин бир гозгалаңчының гаршысына чыкан ялы, Мени тутмак үчин гылычлы хем таяклы гелипсиңиз?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 22:52
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.


Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.


Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy.


Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.


Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.


Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi.


Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ