50 Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi.
50 Оларың бири баш руханының хызматкәрини уруп, онуң саг гулагыны кесди.
Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
Isanyň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Eý, Agam! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler.
Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.
Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.
Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.