«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.
Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi.
Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.
Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.