Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 22:42 - Mukaddes Kitap

42 «Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 «Эй, Атам! Эгер ислесең, бу хасрат кәсесини Менден сова гечир! Йөне Мениң ислегим дәл, Сениң ислегиң амала ашсын!» дийип, дилег этмәге дурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 22:42
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!»


Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi.


Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!


Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi.


Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.


Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Goý, Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ