Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.
Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.
Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.