3 Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi.
3 Шейтан Онкилериң бири болан Юдас Искариодың калбына гирди.
Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder.
Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.
Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr.
Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.
Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.
Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.
Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.