Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.
Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.