Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 22:16 - Mukaddes Kitap

16 Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Чүнки Худайың Шалыгында Песах нахарыны иймек үчин хеммәмиз йыгнанянчак, Мен ондан гайдып иймерин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 22:16
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.


Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi.


Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim.


Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ