Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:6 - Mukaddes Kitap

6 «Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 «Шейле бир гүнлер гелер, шонда бу ерде даш үстүнде даш галмаз, гөрйән затларыңыздан хич зат галман, хеммеси вейран болар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.


Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda.


Çünki Sion dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ