Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:37 - Mukaddes Kitap

37 Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Иса гүндизлерине ыбадатхананың ховлусында халка өвредерди, агшамларына болса шәхерден дашары чыкып, гиҗәни Зейтун дагында гечирерди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:37
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.


Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelenlerinde, Isa iki şägirdini öňden ýollap, olara:


Isa olary şol ýerde galdyryp, şäherden çykyp gitdi. Ol Beýtaniýa gelip, gijäni şol ýerde geçirdi.


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy.


Agşam düşende, Isa bilen şägirtleri şäherden çykyp gitdiler.


Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi.


Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara:


Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.


Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi.


Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi.


Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ