Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:36 - Mukaddes Kitap

36 Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Бу болҗак вакаларың барындан гачып гутулар ялы ве Ынсан Оглуның хузурында дуруп билер ялы, хемише оя болуп, Худая дилег эдиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:36
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gudratygüýçlüden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?


Şoňa görä, erbetler höküm çykarylanda, günäliler-de dogrular mejlisinde durup bilmezler.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.


Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.


Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.


Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.


Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»


Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar.


Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Biz Reb Isany ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris.


Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.


Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki çyradan, ine, şulardyr.


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ