Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:34 - Mukaddes Kitap

34 Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Әгә болуң! Айшы-эшрет, серхошлык, яшайшың гайгылары йүрегиңизе орнамасын. Ёгсам, ол гүн дузак кимин дуйдансыз үстүңизден инер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:34
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzdan perzentli bolarys» diýdi.


Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.


Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi.


Eý, Hudaý, sadyk söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryňyň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.


Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, erbetleriň çyrasy günädir.


Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma.


Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.


Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.


«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär.


Reb Isa oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň.


Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».


Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe. Eger ol toba etse, ony bagyşla.


Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.


Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.


Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.


Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ