33 Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
33 Асман билен ер өтер, эмма Мениң сөзлерим асла өтмез.
Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.
Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.
Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.
Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen habar, ine, şudur.
Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.