Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:22 - Mukaddes Kitap

22 Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Себәби шол гүнлер әхли языланларың берҗай болмагы үчин җеза гүнлеридир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:22
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ