Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 21:21 - Mukaddes Kitap

21 Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шонда Яхудыядакылар даглара гачсын, шәхериң ичиндәкилер чыксын, төверегиндәкилер шәхере гирмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 21:21
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.


Lutuň aýaly yzyna garady we şol bada duz sütünine öwrüldi.


Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.


Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».


Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ