17 Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener.
17 Мен себәпли хеммелер сизи йигренер.
Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.
Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!
Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.
Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez.
Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!
Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.
Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.
Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.
Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.
Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.
Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar.
Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.
Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.
Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.
Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.