7 Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogap berdiler.
7 Ахыры олар: «Биз ниредендигини билемзок» дийип җогап бердилер.
Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.
Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».
Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.
Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.
Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Derde ýaramaýan çopanyň gurallaryny ýene-de al.
Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».
Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».
Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi.
Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.