Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:36 - Mukaddes Kitap

36 Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Асла өлмезлер, себәби олар перишделер ялыдыр. Олар дирелишиң перзентлеридиклери үчин Худайың перзентлеридир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:36
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.


Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar.


Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar.


Mukaddes Ruh biziň ruhumyz bilen birlikde Hudaýyň perzentleridigimize güwä geçýär.


Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir.


Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär.


Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris.


Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


Emma perişde maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen ýaly, pygamber doganlaryň we bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýanlar ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ