34 Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr.
34 Иса олара шейле җогап берди: «Бу дөврүң адамлары өйленйәндир, дурмуша чыкяндыр.
Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.
Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.
Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi.
Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».
Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar».
Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.