Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:26 - Mukaddes Kitap

26 Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Олар халкың янында Оны сөзүнде тутуп билмән, берен җогабына хайран галып, сеслерини чыкармадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:26
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.


Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar.


Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.


Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.


Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.


Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Sebäbi pitneçiler, ýaňralar we kezzaplar diýseň köpdür. Şeýle adamlar, esasan-da, halas bolmak üçin sünnet edilmelidigini ündeýänleriň arasynda bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ