Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:22 - Mukaddes Kitap

22 Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ханы айт, бизиң императора салгыт төлемегимиз догрумы я-да догры дәл?» дийип сорадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:22
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.


Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk.


Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».


Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady.


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Ýudas orta çykdy we ençeme adamy öz yzyna düşürdi. Emma ol hem öldürilenden soň, yzyna eýerenleriň hemmesi dargady.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ