Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:17 - Mukaddes Kitap

17 Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Иса олара бакып: «Онда „Уссаларың рет эден дашы, бинаның бурч дашы болды“ диен язгының манысы нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:17
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Burç daşy, çadyr gazygy, söweş ýaýy, ähli ýolbaşçylar olardan çykar.


Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi.


Siz Mukaddes Ýazgydaky: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.


Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.


Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: „Siz ussalaryň ret eden bu daşy binanyň burç daşy boldy“.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ