Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“ öýdýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Онсоң үзүмчилигиң эеси: „Мен нәме этмели? Гел, өз сөвер оглумы иберейин, белки, оны сыларлар“ өйдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:13
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».


Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


«Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken.


Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,


Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler.


Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.


Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ