Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 20:10 - Mukaddes Kitap

10 Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Хасыл мөвсүми геленде, үзүмиң мивесинден алып гелмек үчин, ол хызматкәрлериниң бирини кәрендечилериң янына иберйәр. Эмма кәрендечилер оны енҗип, бош ковуп гойберйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 20:10
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.


Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň».


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler.


Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ