40 Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
40 Чага улалып, гүйчде ве акылдарлыкда өсйәрди. Худайың мерхемети Онуң үстүндеди.
Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.
Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.
Resullar beýik gudrat bilen Reb Isanyň direlendigine şaýatlyk edýärdiler. Hudaý olaryň hemmesine beýik merhemet eçildi.
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.
Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.
Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.
Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.
Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.
Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.