Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 2:36 - Mukaddes Kitap

36-37 Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36-37 Ол ерде сегсен дөрт йылдан бәри дул яшаян Ханна атлы гарры пыгамбер аял хем барды. Ол ашер тиресинден Пануелиң гызыды. Ол дурмуша чыкандан соңра әри билен еди йыл яшашып, дул галыпды. Бу аял хемише ыбадатхананың ховлусында болуп, агыз бекләп, дога окап, гиҗе-гүндиз Худая ыбадат эдйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 2:36
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy.


Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.


Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek sen hem gabra gojalyp girersiň.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.


Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy dökerin. Olar-da pygamberlik ederler.


Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.


Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir.


Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn.


Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.


aşer tiresinden on iki müň adam, naftaly tiresinden on iki müň adam, manaşa tiresinden on iki müň adam,


Şol döwürde ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamber serdarlyk edýärdi.


Elkananyň Hanna hem-de Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannadan perzent bolmaýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ