Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 2:34 - Mukaddes Kitap

34 Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Шимгон олара ак пата берип, энеси Меръеме: «Бу чага Худай тарапындан берлен аламат болуп, ынсанлар оңа гаршы чыкарлар. Ол себәпли Ысрайылда көп адамлар хеләк болар, көп адамлар болса ялканар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 2:34
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Soňra Ýusup kakasyny faraonyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup faraona pata berdi.


Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.


Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.


Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir.


Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Rebbe we Onuň Saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar, hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi.


Kiçiniň özünden beýik adamdan pata alýandygy şübhesizdir.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ