Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».
Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.