Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Оңа Реббиң Месихини гөрмезден өң өлмеҗекдиги Мукаддес Рух тарапындан аян болупды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 2:26
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


«Ýa Reb, Öz beren sözüňe görä, indi guluň arkaýyn amanadyny tabşyryp biler.


Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


«Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Iman arkaly Hanok ýokary alyndy, ol ölüm garasyny görmedi. Hiç kim ony tapyp bilmedi, sebäbi Hudaý ony ýokary aldy. Hanok ýokary alynmazyndan öňem Hudaýyň göwnünden turupdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ