Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 2:25 - Mukaddes Kitap

25 Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шол вагт Иерусалимде Шимгон атлы бир догручыл ве таква адам яшаярды. Ол ысрайыл халкының азат эдилмегине гарашярды, Мукаддес Рух онуң үстүндеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 2:25
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi.


Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ