Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 2:14 - Mukaddes Kitap

14 «Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 «Гөклер гөгүнде Худая шөхрат болсун! Худайдан мерхемет тапан ердәки ынсанлара парахатлык болсун!» диййәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 2:14
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar, aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».


Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.


Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:


Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi.


Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


Onsoň gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her bir mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Tagtda Oturana we Guza baky öwgüler bolsun! Hormat, şöhrat we gudrat Olara baky ýar bolsun!» diýýänlerini eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ