Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 19:42 - Mukaddes Kitap

42 Ol şeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniň parahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniň gözleriňden gizlin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Ол шейле дийди: «Вах, кәшгә сен бу гүн өзүңе нәмәниң парахатлык гетирҗекдигини билседиң! Эмма бу энтек сениң гөзлериңден гизлин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 19:42
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.


Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Ozal aýdylyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz, Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň».


Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ