Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.
Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.