Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 19:38 - Mukaddes Kitap

38 Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Олар: «Реббиң адындан патыша алкыш болсун! Гөклерде парахатлык, иң белентликде шан-шөхрат болсун!» диййәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 19:38
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ