35 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.
35 Тайхары Исаның янына гетирип, үстүне донларыны атдылар-да, Исаны оңа мүндүрдилер.
Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.
Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
Eşek bilen taýhary getirdiler-de, donlaryny olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi.
Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.
Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler.
Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi.
Edil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi.