19 Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“ diýýär.
19 Хоҗайыны оңа хем: „Сен хем бәш шәхере хәким бол“ диййәр.
Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.
Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“ diýýär.
Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym.
Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar.
Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.
Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.