Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 18:9 - Mukaddes Kitap

9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Өз догрулыгына бил баглап, бейлекилери кемсидйән кәбир адамлара Иса шу тымсалы гүррүң берди:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 18:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.


Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn.


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.


Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.


Oňa sögüp: «Onuň şägirdi – sensiň, biz Musanyň şägirdidiris.


Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Onda näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyzy ýazgarýarsyňyz? Näme üçin käbirleriňiz öz doganyňyza äsgermezlik edýärsiňiz? Biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly dälmi näme?


Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ