Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 18:43 - Mukaddes Kitap

43 Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Шобада бу адамың гөзлери ачылды ве ол хем Худайы шөхратландырып, Исаның ызына дүшүп гидиберди. Муны гөрен әхли халк Худайы алкышлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 18:43
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.


Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.


Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.


Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.


Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.


Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.


Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.


Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy. Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine:


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy.


Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ