Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.
Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.
onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.
Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!