Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 18:32 - Mukaddes Kitap

32 Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar. Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Ол кесеки миллетлериң элине табшырылар. Олар Оны масгаралап кемсидерлер, үстүне түйкүрерлер, гамчыларлар ве өлдүрерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 18:32
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.


Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:


Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar.


Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.


Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar.


Emma üçülenji gün Ol direler» diýdi.


Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.


Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler.


Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi.


Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ