28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi.
28 Петрус Оңа: «Ине, биз әхли задымызы ташлап, Сениң ызыңа дүшдүк!» дийди.
Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi.
Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip söze başlady.
Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Onsoň şägirde garap: «Bu-da seniň ejeňdir» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesihiň hatyrasyna biderek saýýaryn.