27 Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
27 Иса: «Ынсан үчин мүмкин дәл затлар Худай үчин мүмкиндир» дийди.
«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.
«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».
Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.
Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.
Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar.