Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?
Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.