Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 18:13 - Mukaddes Kitap

13 Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Салгытчы болса узакда дуруп, габагыны гөге галдырмага хем йүрек этмейәр, гайтам гурсагына уруп: „Худайым, Мен гүнәкәре рехим эт!“ диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 18:13
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.


Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi.


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.


Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.


Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.


Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.


Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».


Ol obalaryň birine girende, Oňa endamy deri keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakda durup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Halypa, bize rehim et!» diýdiler.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ