Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 18:11 - Mukaddes Kitap

11 Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Фарисей дуруп, өзи хакда ичинден: „Худайым, мен кәбир адамлар ялы талаңчы, пис, зынахор дәлдигиме, хатда бу салгытчы ялы-да дәлдигиме Саңа шүкүр эдйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 18:11
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň! Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!


Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.


Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?


Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde, Rebbiň gahary sowuldy menden’. Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin, Men seniň üstüňden höküm çykararyn.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».


Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ