Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 17:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол шейле дийди: «Эгер сизиң бир горчица дәнеси ялы иманыңыз болуп, шу тут агаҗына: „Бу ерден гопарыл-да, деңизде гөгер!“ дийсеңиз, ол сизе гулак асар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 17:6
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady.


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar.


Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi.


Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.


Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.


Aýdaly, siziň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäriňiz bar. Ol meýdandan gelende, siziň haýsyňyz oňa: „Basym gel-de, saçak başynda otur“ diýersiňiz?


Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyň üstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ