Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.
Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.
emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.
bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.
Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.
Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.