Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.
Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.
Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.
«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar.
Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.
Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi.
Bularyň bary Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?» – diýip aýdan şu sözüniň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy.
Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».