Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 17:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол Исаның аякларына йыкылып, Оңа миннетдарлык билдирди. Бу адам самариялыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 17:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi.


Isa: «Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adam nirede?


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ